Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TÝL: «Arkadag» topary «Merwiň» derwezesine 7 gol urdy

12:2803.04.2025
0
19210

«Arkadag» topary Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň 5-nji tapgyrynda «Merwi» uly hasapda ýeňlişe sezewar etdi. Çarşenbe güni geçirilen oýun 7:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.

Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde Yhlas Saparmämmedow (83, 85) dubl etdi. Şeýle-de Güýçmyrat Annagulyýew (9, penaltiden), Altymyrat Annadurdyýew (23), Begenç Akmämmedow (62), Didar Durdyýew (87) hem-de Şanazar Tirkişow (90) dagy bir gezekden tapawutlandylar.

Günüň beýleki oýnunda «Aşgabat» 2:1 hasabynda «Nebitçiden» üstün çykdy. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda geçirilen oýunda ýer eýeleriniň gollaryna Bäşim Gurbandurdyýew (44) we Şatlyk Gurbanow (68) awtorlyk etdiler. Myhmanlaryň ýeke-täk goly Myratdurdy Baýramow (12) tarapyndan geçirildi.

Şu gün 5-nji tapgyryň ýene iki oýny geçiriler. Olarda «Altyn asyr» «Köpetdagy», «Şagadam» bolsa «Ahaly» kabul eder. Oýunlaryň ikisi hem Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da başlanar.

Häzirki wagtda çempionatyň turnir tablisasynda hersi 7 utukdan toplan «Şagadam» we «Aşgabat» toparlary liderlik edýärler. Ýöne paýtagtyň adybir toparynyň bir oýun köp geçirendigini bellemek gerek. Üçünji ýer iki oýunda 6 utuk gazanan «Arkadag» toparyna degişli. Şeýle-de ilkinji bäşlikdäki «Altyn asyr» we «Ahal» toparlarynyň hem 6 utugy bar. 6-7-nji ýeri paýlaşyp duran «Merw» we «Nebitçiniň» hersi 4 utuk toplan bolsa, «Köpetdag» heniz utuk gazanmagy başarmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň