Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dejavu» ter goşundylardan taýýarlanylýan suşileriň giň assortimentini hödürleýär

12:0303.04.2025
0
19837

«Dejavu» restoranynyň müşderileri indi ter goşundylardan taýýarlanylan suşi tagamynyň köpdürli görnüşlerinden lezzet alyp bilerler. Bu ýerde menýuda adaty klassiki rollar bilen birlikde, adaty bolmadyk tagam sazlaşyklary bolan original awtorlyk suşi tagamlary hem bardyr.

Restoranyň dolandyryş bölüminiň habar bermegine görä, restoran ýapon aşhanasyndan başga-da, myhmanlary Ýewropa aşhanasynyň tagamlary we baý içgiler menýusy bilen begendirmegini dowam etdirýär. Teklipleriň şeýle köpdürliligi «Dejavuny» dostlaryň ýa-da maşgala agzalaryň bilen agşamlyk edinmek üçin örän amatly ýere öwürýär.

«Dejavu» şu salgyda ýerleşýär: 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy.

Stol sargyt edip goýmak we goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: (+993 71) 12 22 21, (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň