Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hünärmenleri galyndylary dolandyrmak ýörelgesini işläp gutarmak boýunça iş duşuşygyny geçirdiler. Duşuşykda täze kadalaşdyryjy we hukuk namalary ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Bu çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we BMGÖM tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» taslamasynyň bir bölegi boldy.
Duşuşykda galyndylaryň toparlaryny tassyklamak we olaryň howplulyk synplaryna bölünmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň «ýaşyl» geljege goşant goşjak galyndylary dolandyrmagyň netijeli ulgamyny ösdürmek boýunça teklipler aýdyldy.
