Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynyň dört etrabynda ýüpek gurçugyny idetmek işine girişildi

12:2802.04.2025
0
18020
Lebap welaýatynyň dört etrabynda ýüpek gurçugyny idetmek işine girişildi
Surat: Lebap.gov.tm

Lebap welaýatynyň Köýtendag, Hojambaz, Kerki, Halaç etraplarynda tut agajynyň ir ýapraklaýandygy üçin bu etraplaryň ýüpekçileri ýüpek gurçugyny idetmek işine hemmelerden ir girişdiler. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, ýüpek gurçugynyň tohumyny janlandyrýan inkubatorlar her gün öňünden gerekli möçberdäki gurçugy ýüpekçilere tabşyrýarlar. Ýüpekçiler bolsa öňünden taýýar edilip, ýörite dermanlanan arassa jaýlarda ýaňy janlanan gurçuklary ownuk kesilen ýapraklar bilen iýmitlendirip başlaýarlar.

Şu ýyl welaýat boýunça 24 müňden gowrak ýüpekçi bilen şertnama baglaşylyp, 1010 tonnadan gowrak ýokary hilli pile öndürmek göz öňünde tutulýar. Şeýle belent sepgidi eýelemäge doly mümkinçilik bar. Bu babatda Kerki etrabyndan Nurtäç Meredowa, Ogulsabyr Pygamowa, Halaç etrabyndan Bibi Jumaýewa, Rozygeldi Akyýew, Akgül Mämmedowa ýaly ussat ýüpekçiler möwsümde hemmelere görelde bolmagy başarýarlar.

Ýüpekçileriň arasynda guralýan «Ussat ýüpekçi» atly bäsleşik her ýylda öz işine ezberleriň köp sanlysyny ýüze çykarýar. Olaryň arasynda tejribeli kärendeçi ýüpekçi Annagül Penjiýewa geçen ýyl diňe bir Kerki etrabynda däl, tutuş Lebap welaýaty boýunça iň ýokary netijäni gazanyp, öz kömekçileri bilen 1 tonnadan gowrak ýokary hilli piläni Watan harmanyna goşdy diýlip, çeşmede bellenilýär. Ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde tejribeli ýüpekçi «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglandy.

Şu günler welaýatyň ýüpekçileri ýokary hilli pile öndürmek üçin yzygiderli tagalla edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň