Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebinde sungaty öwreniji Ýuliýa Jumaýewanyň kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

11:3602.04.2025
0
19729

Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebinde belli türkmen sungaty öwreniji, žurnalist Ýuliýa Jumaýewanyň «Söýgüden dörän ylham» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Bu dabaraly çärä mugallymlar we talyp ýaşlar, sungat hem döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Sungat bilen gyzyklanýan hünärmenler we ýurdumyzyň giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen kitabyň tanyşdyrylyşynyň barşynda awtor onuň döreýişiniň, ýazylyşynyň taryhy hem-de eseriň çeperçilik taýdan gurluşy barada gürrüň berdi.

On bir çeper-publisistik makaladan, oçerkden hem-de interwýulardan ybarat bolan «Söýgüden dörän ylham» ýygyndysynda milli saz, kino, edebiýat, nakgaşçylyk sungatynyň kemala gelmegine we ösmegine öz goşandyny goşan Türkmenistanyň görnükli şahsyýetleriniň we häzirki zaman sungat işgärleriniň döredijilik portretleri görkezilýär.

Seýrek duş gelýän özboluşlylygy, ýokary hünärmenlik derejesi bilen tapawutlanýan olaryň gaýtalanmajak mirasy milli we günbatar Ýewropa medeniýetiniň ösüş taryhynda aýdyň sahypa bolup durýar.

Türkmen saz sungatynyň milli kompozitorçylyk mekdebiniň kemala gelmegi we onuň ösüşiniň täsiri arkaly öwrenilýär. Türkmenistanyň kompozitorlarynyň döredijiliginiň we terjimehallarynyň aýratynlyklary XX asyryň we häzirki döwrüň çeper döredijilik işleriniň jähtinde getirilýär.

Kitap türkmenleriň kämillik derejesine ýeten saz medeniýetiniň esaslaryny goýan Türkmenistanyň halk artisti, görnükli halypa, kompozitor Aşyr Kulyýew baradaky oçerk bilen açylýar. Ondan soňra belli kompozitorlar Çary Nurymowyň, Rejep Rejepowyň saz döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Şeýle hem kitapda belli ýazyjy-dramaturg Muhammetnur Gurbangylyjowa bagyşlanyp ýazylan oçerk hem ýerleşdirilipdir. Ol 25-den gowrak pýesanyň we çeper eserleriň awtory bolmak bilen, 1970-80-nji ýyllaryň milli edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biridir.

Awtoryň eserinde Lebap welaýatynyň aýdym-saz medeniýetiniň ösmegine we ýokary hünärli sungat işgärlerini taýýarlamaga uly goşant goşan Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Jumabay Rozyýew barada hem ýörite bölümde gürrüň berilýär.

Biziň döwürdeşlerimiz - Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Daňatar Hydyrowyň, pianist, kompozitor, Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly Halkara sungat festiwalynyň art-direktory Mämmet Guseýnowyň, ilkinji türkmen zenan kompozitory Jeren Gurbangylyjowanyň, özboluşly kompozitorlar Wera Abaýewanyň we Meret Annamyradowyň atlary biziň ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda giňden tanalýandygy hakda kitapda giňişleýin bellenip geçilýär.

Kitapda ýurdumyzda gratografiýa tehnikasy boýunça işleýän ýeke-täk nakgaş-grafikaçysy Alymjan Işangulyýew barada hem gyzykly gürrüň açylýar, ol Beýik Britaniýada, Italiýada, Germaniýada, Russiýada, Özbegistanda geçirilen halkara sergilerinde Türkmenistanyň şekillendiriş sungatyna birnäçe gezek wekilçilik edip, ajaýyp eserleri döreden belli sungat işgäridir.

Bu görnükli şahsyýetleriň hemmesini olara mahsus bolan umumy häsiýet birleşdirýär, ýagny öz hünärine ysnyşmaklyk, sungata berilmeklik, Watana bolan ägirt uly söýgüden dörän ylham ýaly umumy häsiýet birleşdirýär. Türkmen ussatlary dünýäni görüşleriniň gaýtalanmajak täsirleri baradaky duýgularyny jomartlyk bilen paýlaşyp, öz döredijiliklerini bize peşgeş berýärler.

Kitabyň atlandyrylyşy hem-de onuň baý içki mazmuny okyjylara hut şu zatlar barada gürrüň berýär.

Tanyşdyrylyş çäresinde çykyş edenler täze çap edilen eseriň gymmatly hazyna bolup, ýurdumyzyň özboluşly milli taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we ýaýratmak işinde ýaş nesil üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň