Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Halkara guşlar gününi belleýär

09:2601.04.2025
0
20154

1-nji aprel — Halkara guşlar güni. Bu halkara daşky gurşaw baýramçylygy 1894-nji ýylda ABŞ-da döräp, bütin dünýäde işjeň ýaýrady.

Türkmenistanda bu baýramçylyk 2004-nji ýylyň 1-nji aprelinden bäri yzygiderli bellenilip geçilýär. Aşgabatda her ýyl Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde guşlar güni bellenilýär.

28-nji martda Döwlet muzeýinde Guşlaryň halkara güni hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli «Guşlar dünýäsi» atly mekdep okuwçylaryň arasynda geçirlen bäsleşikde tapawutlanan çagalary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň guramaçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Tebigaty goramak jemgyýeti hem bar.

Bäsleşige 700-den gowrak okuwçy gatnaşdy. Olaryň arasynda 37 sany okuwçy tapawutlandy.

2025-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda Döwlet muzeýinde Aşgabat şäherindäki orta mekdep okuwçylaryň arasynda test görnüşinde bäsleşik geçirildi. Test geçirmezden öň okuwçylara Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ekspozisiýasynda guşlar barada maglumatlar berildi. Bu barada muzeýiň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ylmy işgärleri bu bäsleşige köp okuwçylary gatnaşdyrmak maksady bilen mekdeplerde guşlara degişli göçme sergi guradylar.

Çagalar Türkmenistanda duş gelýän guşlaryň köpdürliligi bilen tanşyp, ýurtda gyşlaýan, höwürtgeleýän, göçüp geçýän guşlar, olaryň aýratynlyklary, biologiýasy bilen tanyşdylar.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Hormat haty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň