28-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi we oňa agza döwletler bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda parlamentara dialog, bilelikdäki komitet, adam hukuklary boýunça dialog yzygiderli esasda hereket edýär.
«Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky hyzmatdaşlyk hem toplumlaýyn häsiýete eýedir. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde 27-nji martda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygy geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýanat kabul edildi. Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak» atly utgaşykly maslahat geçirildi. Mundan başga-da, duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Komissiýasynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda Samarkantda geçiriljek sammite taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sammitiň gün tertibine söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, “ýaşyl” ykdysadyýet, ulag, sanlylaşdyrmak ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi. Şeýle-de sammitiň çäklerinde birnäçe ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, türkmen döwletiniň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur tagallalary edýändigini, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan gatnaşyklara hem aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmegi dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şeýle-de Özbegistan Respublikasyna boljak iş saparyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.