Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Balkanabatda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezilýär

17:0528.03.2025
0
25603
Balkanabatda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezilýär
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýraga mynasyp bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gyzykly, şowhunly göçme çykyşlary dowam edýär.

Bu özboluşly baýramçylygy Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň birleşen toparlary bilelikde guraýarlar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Göçme çykyşlar welaýatyň ýaşaýjylarydyr myhmanlaryna ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary peşgeş berýär. Ajaýyp şüweleňde hokgabazlaryň, akrobatlaryň, masgarabazlaryň çykyşlary has-da gyzykly bolýar. Şonuň ýaly-da dile düşünýän maýmynjyklar topary, girdeneje at bilen guralýan oýunlar, halkalaýyn çykyşlardyr beýleki çäreler sirk janköýerlerinde çäksiz täsirleri galdyrýar.

Habarda bellenilişi ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň her bir çykyşy hem tomaşaçylar tarapyndan bimöçber buýsanç, egsilmez hoşallyk duýgulary bilen garşylandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň