Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen dialogy giňeltmek ugruny tassyklady, Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy, Aşgabatda ÝB – Merkezi Aziýa sammitine taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Kaýa Kallasy kabul etdi. Duşuşykda döwlet Baştutany ýurduň Ýewropa Bileleşigi bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Duşuşyk Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygynyň çäklerinde geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda 3-4-nji aprelde Samarkantda geçiriljek «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» formatyndaky ilkinji sammite taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
2. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we täze şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşygynda ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Özbegistan bilen iki halkyň abadançylygynyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy ugur edinýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu gatnaşyklar wagtyň synagyndan geçen mizemez hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýar.
4. Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň uzak möhletli hem-de strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistan bilen Täjigistan häzirki wagtda ikitaraplaýyn görnüşde hem-de BMG, YHG, GDA, ŞHG, YHG ýaly iri sebit we halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýärler.
5. Türkmenistanyň Mejlisinde we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyk rus tarapynyň başlangyjy bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Taraplar parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy bellediler.
https://turkmenportal.com/blog/89376/parlamentarii-turkmenistana-i-rossii-obsudili-sotrudnichestvo
6. Buhareste iş saparynyň dowamynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginiň Döwlet sekretary Gigel Paraskiw bilen duşuşyk geçirdi. Rumyn tarapy bilim we ylmy gözleg ugurlarynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga hem-de mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdi. Ministriň orunbasary türkmenistanly ýaşlaryň daşary ýurtlarda okamak babatda rumyn uniwersitetlerini saýlandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.
Dünýäde
1. Mýanmada dürli çaklamalara görä 7,7 – 7,9 ball kuwwaty bolan güýçli ýertitreme bolup geçdi. Seýsmologlaryň berýän maglumatlaryna görä, ýertitremäniň merkezi Mandalaý şäherinden 33 km uzaklykda bolup, 10 km çuňlukda döredi. Ýertitreme 6,4 ball magnitudaly sarsgynlar bilen gaýtalandy. Tebigy betbagtçylygyň netijesinde şäheriň möhüm ýadygärligi we nyşany bolan taryhy Mandalaý köşgi bölekleýin ýykyldy.
2. Oksfordyň iňlis dili sözlügi (OED) aşa mähir duýgusyny beýan etmek üçin «gigil» sözüni goşdy. Bu adalga Filippinleriň esasy dilleriniň biri bolan tagal dilinden gelip çykýar. Dilçiler bu sözi özboluşlylygy we iňlis dilinde gönüden-göni terjimesiniň ýoklugy sebäpli sözlüge goşdular. «Gigil» adamyň örän güýçli mähir duýgusyny başdan geçirip, özünde şeýle duýgyny döredýän zady gujaklamak, gysmak ýa-da emaý bilen ellemek islegi bolanda duýýan çylşyrymly ruhy duýgusyny aňladýar.