Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tailandda we Mýanmada ýer titredi

14:0428.03.2025
0
20021

27-nji martda Mýanmada we Tailannda güýçli ýertitreme boldy. Hytaýyň seýsmologiýa edarasy onuň güýjüniň 7,9 bala, Ýewropa-Ortaýer seýsmologiýa edarasy 7,7 bala deň bolandygyny habar berdi. Munuň yzysüre güýji 6,4 bala deň bolan ikinji ýer sarsma boldy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Mýanmanyň Mandalaý şäheriniň günorta-demirgazygynda hasaba alnan ýer yranmasy netijesinde taryhy köşk we kilometrlik köpri ýykyldy.

Mýanmadaky ýer sarsgynynyň täsiri bäş goňşy ýurtda: Bangladeşde, Hindistanda, Tailandda, Laosda we Hytaýda hasaba alyndy.

Tailandda ýer yranmasy ýollary hatardan çykardy, köp binalara zeper ýetdi. Paýtagt Bangkokdaky gökdirän ýykylyp, 43 işçi harabanyň astynda galdy. Metro togtady, paýtagtyň ýaşaýjylaryny öýlerini terk etmäge çagyrdylar.

Tailandyň Hökümet başlygy Pherhongthan Çinawat paýtagtda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň