Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Boliwiýa suwuň astyna gidýär

11:0628.03.2025
0
16279
Boliwiýa suwuň astyna gidýär
Surat: MIR 24

Boliwiýadaky sil joşgunlarynda 51 adam pida boldy, sekiz adam dereksiz ýitdi. Ýurtda häzir ýagyn möwsümi dowam edýär, derýalar hanasyndan agýar. Boliwiýanyň Prezidenti Luis Arse ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi diýip, «MIR 24» habar berdi.

«Bu tebigy heläkçilik milli derejede adatdan daşary ýagdaýy talap edýär. Çukisakada, La-Pasda we Santa-Krusda ýagdaý has-da agyr. Aslynda bu ýyl, öň görülmedik sil joşgunlary dowam edýär, 818 öý ýumruldy, olary biz seljeriş işlerini geçirenimizden soňra dikelderis» diýip, Prezident Luis Arse aýtdy.

Ýerli häkimiýetler derýalaryň hanasyndan agmagy dowam eder diýip, ätiýaç edýärler. La-Pasyň demirgazyk böleginde sil suwlary altyn gazylyp alnyşyna zyýan ýetirdi. Soýanyň, şalynyň we beýleki ekinleriň hasylyny sil ýok edýär. Ýurtda azyk önümleriniň we ýangyjyň gytlygy hasaba alyndy diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň