ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa Buhareste iş saparynyň dowamynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Rumyniýanyň Milli toparynyň Baş sekretary hanym Ligia Deka bilen duşuşdy.
Ç.Rustemowa duşuşygyň dowamynda ÝUNESKO-nyň işleri barada türkmen hem-de rumyn milli toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi diýip, Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy habar berdi.
Mundan başga-da, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek, bilelikdäki çäreleri, konferensiýalary guramak, şeýle hem gyzyklanma bildirilýän ugurlardaky hünärlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, hünärmenleri alyşmak arkaly mümkinçilikleri öwrenmek barada ylalaşdylar.
Duşuşykda geoparklar toruny döretmek we ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, geoparklaryň sebitleriň durnukly ykdysady ösüşiniň, syýahatçylygyň, bilimiň we ylmy gözlegleriň, tebigy we medeni mirasyň ýaýramagynyň degişli we geljegi uly görnüşidigi bellendi.