Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa Parlamentinde Türkmenistanyň Mejlisiniň guramagynda ýörite maslahat geçirildi

21:0027.03.2025
0
19068
Ýewropa Parlamentinde Türkmenistanyň Mejlisiniň guramagynda ýörite maslahat geçirildi
Surat: mejlis.gov.tm

26-njy martda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherindäki Ýewropa Parlamentinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy bilen bilelikde guramagynda «Parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde bitaraplygyň orny» atly ýörite maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Ýewropa Parlamentiniň deputatlary, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň ähmiýeti, onuň halkara gatnaşyklarynda durnuklylygyň we ynanyşmagyň esasy şerti hökmünde örän uly ornunyň bardygy dogrusynda gürrüň berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähli ýurtlar bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy, ynamly gepleşikleri we parahatçylykly başlangyçlary ösdürmäge gönükdirilen işjeň we döredijilikli garaýyşlarynyň ähmiýeti barada hem bellenildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýurduň Bitaraplyk syýasatynyň taryhy ösüşi, onuň hukuk esaslary hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler. Şeýle-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini belläp, golaýda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara gepleşikleriň geçirilmegi üçin ygtybarly meýdança bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň alyp barýan işleri barada maglumat berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň