Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi, Aşgabatda ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň 20-nji duşuşygy öz işine başlaýar, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary meseleleriň toplumy barada pikir alyşdylar we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanda her ýylky gowaça ekişine badalga berildi. Ýurduň bäş welaýatynyň – Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň ekerançylary «ak altynyň» ekişe köpçülikleýin girişdiler. Gowaça ekişine başlamak dabarasy milli ýörelgelere laýyklykda geçirildi. Il sylagly ýaşulular ýurduň abadançylygy barada dilegler edip, ekin meýdanlaryna ilkinji gowaça tohumlaryny atdylar. Soňra ýaşulular bu işi mehanizatorlara geçirdiler. Pagta ösdürip ýetişdirmek Türkmenistanyň oba hojalygynyň esasy ugurlarynyň biri, möhüm eksport önümi we ýurduň dokma senagatynyň binýady bolmagynda galýar.
https://turkmenportal.com/blog/89341/v-turkmenistane-nachalsya-sev-hlopchatnika
2. Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 20-nji duşuşygy geçirilýär. Gepleşikleriň esasy mowzugy geçen ýylyň oktýabr aýynda kabul edilen «Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Ýol kartasyny» durmuşa geçirmegiň meseleleri bilen baglydyr. Duşuşygyň dowamynda ÝB-niň Ýokary wekili Kaýa Kallas we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň bäş esasy ugry barada pikir alyşarlar: syýasy dialogy çuňlaşdyrmak, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, energetika we howa ulgamlarynda hyzmatdaşlyk, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we mobillik meseleleri.
3. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Saidow «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki ministrler duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi. Diplomatlar Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylarynyň syýasy erki netijesinde döwletara dialogynyň ýokary derejesini nygtadylar.
4. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi we hatynda rus-türkmen gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Rus-türkmen gatnaşyklarynyň dostluk, özara hormat goýmak we strategik hyzmatdaşlyk ruhunda üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýaryn — diýip, Mişustin hatynda belledi.
5. Rigada türkmen-latwiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Latwiýa tarapyna Döwlet sekretarynyň orunbasary, latwiýa tarapyna Döwlet sekretarynyň orunbasary, Latwiýa Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň syýasy direktory Iwars Lasis wekilçilik etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn formatda we ÝB ýaly halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri hem-de Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.
6. Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýanyň we Hindistanyň ýaşlarynyň forumyna gatnaşýar. Foruma gatnaşyjylar Goanyň birnäçe meşhur ýerlerine baryp gördüler, şeýle hem Hindistanyň «MY BHARAT» ýaşlar hereketiniň meýletinçileri bilen duşuşdylar. Saparyň çäklerinde Goa ştatynyň gubernatory bilen duşuşyk we Mandowi derýasynda gezelenç guraldy. Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti forumyň işine işjeň gatnaşyp, sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin döwrebap garaýyşlaryny, başlangyçlaryny we pikirlerini hödürleýär.
https://turkmenportal.com/blog/89350/delegaty-turkmenistana-uchastvuyut-v-molodezhnom-forume-v-indii
Dünýäde
1. Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygynyň öňüsyrasynda Belarus ýurduň gahrymançylykly geçmişiniň nyşany hökmünde özboluşly ýadygärlik banknotlary we şaýy pullary çykarmaga taýynlanýar. Täze banknotlar belarus halkynyň harby taryhyna we gahrymançylygyna bagyşlanan baý çeper bezegi bilen tapawutlanar. Şaýy pullar hem çuňňur many bilen bezelipdir. Şaýy pullaryň merkezinde ýurduň agzybirligini, oba hojalygyny we gülläp ösmegini alamatlandyrýan bugdaý dessesiniň, gülleriň we asuda asmanyň fonunda Belarusyň döwlet tugrasy şekillendirilýär.
2. Halkara ylmy ekspedisiýa Antarktidanyň deňizleriniň düýbünde açyş etdi. Georg VI buz ýalpaklygyndan ullakan aýsberg bölünip aýrylandan soň, alymlar baý suwasty ekoulgamy tapdylar. Deňiz düýbünde äpet deňiz möýleriniň, buz balyklarynyň, osminoglaryň, äpet merjenleriň we çuňluklarda ýaşaýan meduzalaryň dürli görnüşleri tapyldy. Bu açyş ekstremal şertlerde ýaşaýşyň mümkinçiligi baradaky bar bolan ylmy garaýyşlara garşy çykýar.
https://turkmenportal.com/blog/89351/unikalnaya-morskaya-ekosistema-obnaruzhena-pod-ldami-antarktidy
Sport täzelikleri
1. 25-nji martda Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Hytaýyň Taýpebeýiniň milli ýygyndysyny ýeňdi. Duşuşykdan soň türkmen toparynyň baş tälimçisi Mergen Orazow oýunçylarynyň fiziki taýdan taýýarlygy barada belläp geçdi. «Biz iň güýçli ýagdaýymyzda oýnamadyk, ýöne oýunçylaryň häzirki ýagdaýynda elinden gelenini edendiklerine ynanýaryn. Oýunçylaryň fiziki taýýarlygy oýun gutarýança ýokary derejede boldy, meniň pikirimçe, bu gowy alamat» diýip, Orazow belledi.