Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Paýtagtymyzdaky Döwlet çeperçilik akademiýasynda Annageldi Jumanyýazowyň we onuň şägirtleriniň sergisi açyldy

11:2427.03.2025
0
11417

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda akademiýanyň mugallymy Annageldi Jumanyýazowyň we onuň iki şägirdiniň – Merdan Kakabaýewiň we Merdan Babajanowyň eserleriniň sergisi açyldy.

Annageldi Jumanyýazow ekspressionizm ugry boýunça işleýär – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. Onuň suratkeşlik zehini portret žanrynda has aýdyň duýulýar, muňa «Awtoportret», «Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedowyň portreti», «Suratkeşiň öýünde myhmançylykda» we suratkeşiň başga eserlerini mysal getirip bolar.

A.Jumanyýazowyň şägirdi - Merdan Kakabaýew akademiýanyň uçurymy, ol häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky orta mekdebiň mugallymy. Ol suratlaryny romantiki äheňde çekýär.

Annageldi Jumanyýazowyň ekspressionizm-realizm ugry boýunça işleýän başga bir şägirdi - Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çepeçilik mekdebiniň mugallymy Merdan Babajanowdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň