Türkmenistanyň ýüpekçilik pudagy iň irki önümçilikleriň biri bolup, milli ykdysadyýetiň ösmeginde aýratyn orna eýedir. Bu pudakda iň iri we baýry kärhanalaryň biri hem 1931-nji ýylda işe girizilen Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigidir.
90 ýyldan gowrak wagtdan bäri hereket edip gelýän, baý iş tejribesi bolan bu kärhananyň Garaşsyzlyk ýyllarynda durkunyň täzelenmegi, piläni işlemeklik üçin häzirkizaman tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy birleşigiň geriminiň giňelmegini we netijeliliginiň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Kärhana boýunça 2025-nji ýylyň iki aýynda gazanylan ýokary netijeler hem bu ýerde işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, degişli döwürde kärhana boýunça 16 tonnadan gowrak çig ýüpek taýýarlanylypdyr, bu bolsa geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende önüm öndürmek boýunça ösüş depgininiň 147 göterimden gowrak amal edilendigini aňladýar.
Şeýle hem ýylyň başyndan bäri bu baýry kärhanada 1 million 114 müň inedördül metr nah mata öndürilip, bu baradaky meýilnama 133 göterimden gowrak ýerine ýetirilipdir. Şeýle hem kärhanada degişli döwürde 24 müň inedördül metr ýüpek mata öndürilipdir.
Önümçilik birleşiginde pile kelepleýji, egirme-dokma, reňk-boýag, şonuň bilen birlikde halkyň köp sarp edýän harytlary bölümleri bolup, bu ýerde ýurduň pileçi-kärendeçileriniň ýüpek gurçugyny idedip alýan pilesi gaýtadan işlenililip, çig ýüpek we ýüpek önümleri taýýarlanylýar.
Hünärmenleriň we işçileriň 900-den gowragynyň zähmet çekýän önümçilik birleşiginde nepis ýüpek halylarynyň önümçiligi hem ýola goýuldy. Ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýan ýüpek halylary sargytlar esasynda dokalýar. Kärhananyň halyçylyk bölüminde halkyň arasynda uly islegden peýdalanýan ýantorbalar, awtoulaglara niýetlenen düşekçeler, sowgatlyk halylar öndürilýär.