Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagynda Latwiýanyň tejribesini ulanmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:2826.03.2025
0
21411
Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagynda Latwiýanyň tejribesini ulanmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Riga şäherinde bilen türkmen-latwiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmelerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, latwiýa tarapyna Döwlet sekretarynyň orunbasary, Latwiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň syýasy direktory Iwars Lasis wekilçilik etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn formatda we ÝB ýaly halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri hem-de Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda habar berildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň, forumlaryň we sergileriň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga itergi berýändigi nygtaldy.

Taraplar Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) goşulmagy bilen baglanyşykly Latwiýanyň tejribesini ulanmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem taraplar parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge özara ygrarlylyklaryny tassykladylar diýip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň