Tokaý ýangynlary Koreýa Respublikasynyň günorta-gündogaryny gurşap aldy, häkimiýetler dört gün bäri olara garşy göreşýärler. Bu barada «Belta.by» habar berýär.
Ilkinji tokaý ýangyny 21-nji martda Sançhon uýezdinde başlandy, soň ýangyn tiz ýurduň günorta-gündogar bölegine ýaýrady. Azyndan dört adam heläk boldy, alty adam ejir çekdi. Ejir çekenleriň bäşisi agyr ýagdaýda.
Ýangynyň dowam edýän etrabyndan 2,7 müňden gowrak adam göçürildi, demir ýol gatnawlary saklandy, käbir ýollarda ulaglaryň hereketi ýatyryldy. Müňlerçe gektar tokaý ýandy, ýüzlerçe öýlere zeper ýetdi, iri budda ybadathanasy-da harap boldy.
Ody öçürmek üçin onlarça dikuçar we ulag serişdeleri hereket edýär. 2,3 müň ýangyn söndüriji we harby gullukçy günorta etraplarda ýangyna garşy göreşýär. Olara güýçli şemal päsgel berýär.
Respublikanyň Hökümeti öň günorta etraplarda adatdan daşary ýagdaý yglan edipdi.