Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystanynyň Aşgabatdaky ilçihanasy Oraza aýynda däp bolan agzaçary gurady

11:4225.03.2025
0
14388

Mukaddes Oraza aýynda Saud Arabystanynyň Aşgabatdaky ilçihanasy iki ýurduň arasyndaky medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklar üçin möhüm çärä öwrülip, däp bolup gelýän agzaçar kabul edişligini gurady, ol diplomatik korpusyň wekillerini bir ýere jemledi. Agzaçar çäresine gelenleri bu ýurduň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Nawaf Al-Raşid garşylady, oňa Türkmenistanyň müftisi Ýalkap Hojagulyýew we diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Myhmanlara arap aşhanasynyň baý däplerini görkezýän dürli aşpezlik tagamlary saýlanyp alnyp, agzaçara gelenlere hödür edildi. Datly tagamlar bilen bir hatarda saudlylaryň hurmaly tahini, şofan çorbasy, humus, labneh, fatuş ýaly naharlary, şeýle-de zeýtunyň dürli görnüşleri hödürlendi.

Esasy tagamlar milli aşhananyň baýdygyny görkezdi: mandi - Saud Arabystanynyň meşhur tagamy bolup, ol kakadylan guzy eti tüwi bilen äberilýär, şeýle hem kremli kömelek sousy bilen ýumşak towuk eti hödürlendi. Agzaçar çäresi süýjülik tagamlarynyň hödür edilmegi bilen tamamlandy - onda myhmanlar hozly hem kişmişli Umm Ali pudinginden, pisseli doňdurmadan dadyp, uly lezzet aldylar.

Çäräniň ahyrynda Saud Arabystanynyň diplomaty Türkmenistanyň müftüsine ýatdan çykmajak sowgat - Saud Arabystanynyň mukaddes ýerleriniň birini şekillendirýän suraty bu agzaçar çäresinden ýadygärlik hökmünde berdi, bu iki ýurduň arasyndaky ruhy ýakynlygyň we birek-birege hormat goýmagyň nyşany bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň