Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçisi Bişkekdäki bag ekmek çäresine gatnaşdy

22:0724.03.2025
0
12300
Türkmenistanyň ilçisi Bişkekdäki bag ekmek çäresine gatnaşdy
Surat: kyrgyzstan.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy 22-nji martda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan bag ekmek çäresine gatnaşdy. Bu çäre Bişkek şäheriniň «Adinai» seýilgähinde geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň ilçisi N.Gölliýew, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Ž.Kulubaýew, şeýle-de Gyrgyzystanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Bişkekdäki ilçihanasynyň habar bermegine görä, her ýylyň 21-nji martynda bellenilýän Halkara tokaý güni mynasybetli guralan bu çäräniň çäklerinde 50 sany dagdan we 50 sany dub nahallary ekildi. Bag ekmek çäresi şäheriň ýaşyl zolaklaryny artdyrmaga we onuň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga möhüm goşant boldy. Çärä gatnaşyjylar şeýle başlangyçlaryň ähmiýetine ünsi çekip, olaryň uzak möhletleýin oňyn täsiri barada nygtadylar we geljekde-de şeýle taslamalary goldamaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň