Eýranyň häkimiýetleri ýurduň birbada dört ülkesinde – Horasan-Rzeawi, Ýezd, Yspyhan we Tähranda çynlakaý suw krizisi bilen ýüzbe-ýüz boldular. Munuň sebäbi bu çäklerde soňky ýyllardaky uzak guraklyk diýip, energetika ministri Abbas Aliabadi habar berdi diýip, «Tasnim» habarlar gullugyna salgylanýan «RIA Nowosti» ýazýar.
«Bäş ýyllyk guraklyk dört ülkede suw gorlarynyň azalmagyna sebäp boldy. Ülkeler munuň bilen baglylykda, çynlakaý kynçylyklary başdan geçirýär» diýip, Aliabadi aýtdy.
«ISNA» agentliginiň habaryna görä, ady sanalan ülkelerden başga, günortadaky Fars, Huzestan, Hemedan, Kerman, Sistan we Bulujystan, Hormozgan welaýatlary-da suw gytlygynyň gyrasynda dur. Bu sebitlerde derýalaryň, batgalyklaryň we suw howdanlarynyň guramagy we suw bentleriniň täsirliliginiň peselmegi hasaba alyndy. Ýurduň köp şäherdir obalary üpjün edýän Zaýanda-Rud we Karyn derýalarynyň suwy kemelýär.
Soňky ýyllarda Tähranyň günorta-günbataryndaky paýtagty we onuň eteklerini içimlik suw bilen üpjün edýän Garaja howdanynyň suwunyň derejesi-de pese gaçýar. Ol häzir diňe 8 göterim derejede suw bilen doldurylandyr. 2024-nji ýylyň martyndaky bilen deňeşdirilende, 2025-nji ýylyň martynda onda suwuň derejesi 56 göterim azalypdyr.