Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan täzelenýän energiýa we energiýa tygşytlamagyň habarlylygynyň strategiýasyny işläp düzýär

18:0824.03.2025
0
23156

2025-nji ýylyň 24-nji martynda Mary şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa netijeliligi barada jemgyýetçilik habarlylygyny ýokarlandyrmagyň Strategiýasyny işläp düzmek boýunça ilkinji tegelek stol duşuşygy geçirildi.

Tegelek stol duşuşygyna Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň Wekiliýetiniň, Germaniýanyň Federatiw Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) “Türkmenistanyň durnukly şäherleri” boýunça taslamasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada durnukly energiýa arabaglanyşygy (SECCA) taslamasynyň, Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energiýa (RECA) taslamasynyň wekilleri, DÖM ýaş ilçileri, talyplar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bu çäre Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän, Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit (GIZ) – the Germaniýa halkara hyzmatdaşlygy tarapyndan ýerine ýetirilýän “Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: Ýewropa Bileleşigi (ÝB): 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler” taslamasynyň goldamagynda guraldy.

Esasy maksatlar:

  • Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda jemgyýetçilik habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça Strategiýanyň we energiýa netijeliliginiň konsepsiýasyny we ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak
  • Ähli gatnaşyjylaryň pikirlerini hasaba almak bilen, resminamanyň mazmunyny we düzümini kesgitlemek
  • “Ýaşyl” başlangyçlary öňe sürmekde ýaşlaryň we zenanlaryň ornuny güýçlendirmek.

Gün energiýasynyň möhüm mümkinçiliklerine eýe bolan (ýylyň dowamynda 300 günden köp) Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ulanmak arkaly parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmagy we Pariž Ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmegi göz öňünde tutýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmegiň 2030-njy ýylyna çenli Milli strategiýasy we “Howanyň üýtgemegi boýunça hereketleriň 2025-nji ýyl üçin ýaşlaryň Ýol kartasy” bu çemeleşmeler üçin esas bolup hyzmat edýär. Bu resminamalarda Türkmenistanyň energiýa pudagynyň geljegi we durnukly ösüşe ygrarlylygynyň esasy beýan edilýär.

Bu başlangyç Türkmenistanyň energetika pudagynda ylmy-barlag mümkinçiliklerini güýçlendirmäge, şeýle hem durnukly “ýaşyl” energiýa çözgütlerini öňe sürmage gönükdirilendir.

Şol gün geçirilen çäre bilen ugurdaşlykda “Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: Ýewropa Bileleşigi (ÝB): 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler” taslamasy tarapyndan üpjün edilen häzirki zaman IT enjamlarynyň Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkezine gowşuryş dabarasy hem bolup geçdi.

"Jemgyýetiň habarlylygyny ýokarlandyrmak, üstünlikli energiýa geçişiniň açarydyr. Bu Strategiýa, Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa babatdaky islegleri bilen raýatlarynyň gündelik hereketleriniň arasynda baglanyşyk bolar" diýip, GIZ tarapyndan ýerine ýetirilýän “Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: ÝB 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler” taslamasynyň menejeri, Dr. Karolina Milow aýtdy.

Umuman, bu çäre Türkmenistanyň ilatynyň arasynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmakdaky peýdalary babatda habarlylygy ýokarlandyrmak, şeýlelikde howa gurşawyny goramaklygy maksat edinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň