«Ýönekeý» kompaniýasy 35 ýaşa çenli bolan Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaýda ýokary bilim almak mümkinçiligini hödürleýär. Kompaniýa Hytaýyň 25 sany uly şäherinde, şol sanda Pekin, Şanhaý, Uhan, Taýbeý, Hançžou, Nannin, Kunmin hem-de Dalýan ýaly şäherlerde ýerleşýän meşhur uniwersitetlere okuwa girmekde giňişleýin goldaw berýär.
Hödürlenilýän okuw edaralarynyň ählisiniň diplomlarynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleriň resmi sanawyna girizilendigini aýratyn bellemelidiris.
Maksatnamanyň çäklerinde «Ýönekeý» kompaniýasy uniwersitete çakylyk almagy, okuwyň şäherini saýlamakda kömek etmegi we okuwa girmäge ýardam etmegi öz içine alýan toplumlaýyn hyzmatlary ýetirýär. Şeýle hem kompaniýa bakalawriat we magistratura maksatnamalary boýunça okuwa girmäge hem ýardam berýär we Hytaýa baransoňlar talyplaryň duşuşygyny guraýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, iňlis dilini (TOEFL-da 75+ baldan ýokary, IELTS-de 6.0+ baldan ýokary, Duolingo-da 120+ baldan ýokary) ýa-da hytaý dilini (HSK4-de 180+ baldan ýokary) bilýän talyplar okuwyny gönümel birinji okuw ýylyndan başlap bilerler.
Okuwyň tölegleri, taýýarlyk kurslary we dürli maksatnamalar barada has anyk we giňişleýin maglumatlary kompaniýanyň okuw.yonekey.com resmi web saýtyndan alyp bolýar. Web saýtda şäherler we uniwersitetler barada maglumat berýän materiallar, Hytaýda okamagyň aýratynlyklary baradaky webinaryň ýazgysy hem-de arza bermek üçin nusga ýerleşdirilen.
Okuwa isleg bildirýänler portalda hasaba alnanyndan soň, kompaniýanyň hünärmenleri ýerine ýetirmeli zerur amallary ara alyp maslahatlaşmak üçin her bir dalaşgär bilen gysga wagtyň içinde habarlaşýarlar. «Ýönekeý» kompaniýasy okuw maksatnamasynda ýerleriň sanynyň çäklidigini we gyzyklanma bildirýän dalaşgärlere arzalaryny gijikdirmän tabşyrmagy teklip edýär.