Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Lena Nanuşýan bilen duşuşdy. 21-nji martda geçirilen duşuşykda saglyk syýahatçylygy, derman serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk hem-de iki ýurduň degişli ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Ýerewandaky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda ilçi M.Aýazow Türkmenistanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy barada hem-de ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy babatynda alnyp barylýan giň gerimli işler barada gürrüň berdi. Şeýle-de Türkmenistanda halkyň durmuş derejesini we abadançylygyny ýokarlandyrmak ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy, adam saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi aýratyn nygtaldy.
Mundan başga-da, taraplar mart aýynyň ahyrynda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň nobatdaky mejlisinde saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň we bu ugra degişli meýilnamalaryň hem ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyryna ilçi ministrligiň wekillerini her ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilýän halkara saglygy goraýyş sergisine gatnaşmaga çagyrdy.