Top.Mail.Ru

Kazanda bellenilen Nowruz baýramynda türkmen medeniýeti tanyşdyryldy

16:1224.03.2025
0
19557
Kazanda bellenilen Nowruz baýramynda türkmen medeniýeti tanyşdyryldy
Surat: Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygy (Kazan şäheri) Kazan şäherinde Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy. Baýramçylyk çäreleri Kazan atçylyk sport toplumynyň çägindäki Hanlyk köşgünde geçirildi.

Dabaranyň başynda Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy, Tatarystanyň halklarynyň Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşin Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň, parlamentiniň we hökümetiniň adyndan baýramçylyk çäresiniň myhmanlaryny we gatnaşyjylaryny mübärekläp çykyş etdi.

Şu ýylky baýramçylyk çäresinde Türkmenistan, Eýran, Täjigistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Owganystan, Türkiýe, Azerbaýjan hem-de Tatarystan döwletleriniň wekilleri myhmanlary öz milli medeniýetleri hem-de milli gymmatlyklary bilen tanyşdyrdylar. Baýramçylyk meýdançasynda her bir döwlet üçin bölünip berlen ýerde myhmanlar şol halkyň milli tanslaryna tomaşa etmäge, aýdym-sazlaryny diňlemäge hem-de milli tagamlaryndan datmaga mümkinçilik aldylar diýip, Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy habar berdi.

Baýramçylyk çäresinde Türkmenistanyň Baş konsullygy tarapyndan dürli reňkli el halylar, milli lybaslar, şaý-sepler, sowgatlyklar hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan kitaplar görkezilişe çykaryldy.

Dabaranyň çäginde «Nowruz gözeli» we «Nowruz batyry» atly bäsleşikler geçirilip, olara türkmen talyplary hem işjeň gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň