Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

24-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:0424.03.2025
0
20036

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnama kabul etdi, Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasynyň çäklerinde 632 müňden gowrak nahal oturdyldy, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. BMG-niň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etdi. Resminama BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde «Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak» gün tertibiniň çäklerinde biragyzdan kabul edildi. 67 döwlet Resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Kararnamada, hususan-da, bitarap ýurtlaryň çäklerini parahatçylykly gepleşikleri geçirmek maksady bilen peýdalanmak maslahat berilýär.

https://turkmenportal.com/blog/89210/genassambleya-oon-prinyala-rezolyuciyu-o-postoyannom-neitralitete-turkmenistana

2. Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi, onuň çäklerinde dürli agaç nahallarynyň 632 498 düýbi ekildi. Täze agaçlaryň ekilmegi bilen bir hatarda, ozal ekilen 2,26 million düýp baga ideg etmek işleri geçirildi. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işlerini ýerine ýetirdiler. Ählihalk bag ekmek dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

https://turkmenportal.com/blog/89222/v-turkmenistane-v-ramkah-vsenarodnoi-akcii-vysadili-bolee-632-tysyach-derevev

3. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Rus Lideri gutlag hatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýändigini belledi. Şeýle-de Putin bilelikdäki tagallalar bilen gatnaşyklaryň dostlukly iki halkyň bähbidine hem-de Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmagyň hatyrasyna mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

https://turkmenportal.com/blog/89213/glava-rf-pozdravil-prezidenta-turkmenistana-s-prazdnikom-novruz

4. ABŞ-nyň wekiliýeti şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşar. «Biz Siziň bilen bilelikde işlemek mümkinçiligine hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Birleşen Ştatlaryň wekiliýetini uly, gözel, ak mermerli Aşgabada ibermäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Bu maslahaty geçirýändigiňiz üçin Size hoşallyk bildirýäris» diýip, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda belledi.

https://turkmenportal.com/blog/89185/tramp-otpravit-delegaciyu-ssha-na-konferenciyu-oon-v-turkmenistane

5. Türkmenistanda bakalawriat we magistratura maksatnamalary boýunça Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýurdumyzyň raýatlaryny kabul etmek boýunça resminamalary kabul etmek işi tamamlanýar. Resminamalar 27-nji marta çenli kabul edilýär. Okuw dalaşgärleri saýlap almak boýunça söhbetdeşlik 1-2-nji aprelde geçiriler. Okuw girmek üçin dalaşgärler bellenen nusgadaky arza, anketalar, soňky okan ýa-da işlän ýerinden häsiýetnama, şeýle hem bilim hakyndaky resminamalarynyň asyl nusgalary we olaryň iňlis, fransuz ýa-da rumyn dillerine terjime edilip tassyklanan göçürme nusgalary ýaly resminamalaryň giň toplumyny getirip bermeli.

https://turkmenportal.com/blog/89230/do-27-marta-turkmenskie-studenty-mogut-podat-dokumenty-na-obuchenie-v-vuzah-rumynii

6. Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen 142 müň sany noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada «Agzybirlik tilsimaty» we «Aýdyň gijeler» kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Kompýuterleri 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan birinji synp okuwçylaryna kompýuterleri sowgat bermek Türkmenistanda asylly däbe öwrüldi. Geçen ýyl 155 müňden gowrak çaga kompýuter gowşuruldy.

https://turkmenportal.com/blog/89232/agzybirlik-tilsimaty-i-aydyn-gijeler-obespechat-pervoklassnikov-turkmenistana-kompyuterami

Dünýäde

1. ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Jo Baýden we onuň aýaly Jill 2024-nji ýyldaky saýlawlarda ýeňilişden soň Demokratik partiýa serişdeleri toplamak we ornuny berkitmek üçin kömek bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Baýdene ýakyn çeşmeleriň habar bermegine görä, ol eýýäm Demokratik partiýanyň Milli komitetiniň täze başlygy Ken Martin bilen duşuşdy we partiýanyň meşhurlygynyň peselmegi şertlerinde öz kömegini teklip etdi. «NBC News-iň» soňky pikir soraşmasynda demokratlary goldaýanlaryň sany rekord derejede pese düşdi, hasaba alnan saýlawçylaryň diňe 27%-i partiýany goldaýar.

https://turkmenportal.com/blog/89203/dzho-i-dzhill-baiden-hotyat-vernutsya-v-politiku

2. Ýaponiýada köpden bäri garaşylýan sakura agajynyň gülleýän möwsümi resmi taýdan başlandy. Ilkinji güller eýýäm Koti we Kumamoto prefekturalarynda açyldy, bu ýerde agaçlarda bäş-alty gülüň açylandygy hasaba alyndy, bu adaty hanaminiň – gülleýän agaçlardan lezzet almak dabarasynyň başlanandygyny görkezýär. Ýaponiýanyň paýtagtynda güller heniz açylmady. Tokioda hanami resmi taýdan Ýasukuni ybadathanasynda ösýän «someý ýosino» görnüşli ýörite agajyň güllemegi bilen başlaýar. Däp bolşy ýaly, agaçlar ilkinji güller peýda bolanyndan takmynan bir hepde soň doly gülleýär.

https://turkmenportal.com/blog/89233/v-yaponii-nachalsya-sezon-cveteniya-sakury

Sport täzelikleri

1. Katardan eminler topary 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa kubogynyň saýlama ýaryşynyň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň we Hytaý Taýbeýiniň futbol boýunça milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyga eminlik eder. Esasy emin hökmünde Abdul Hadi Al-Ruwaýli bellenildi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen Hytaý Taýbeýiniň arasyndaky oýun 25-nji martda Goasýunda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen 15:30-da başlar.

https://turkmenportal.com/blog/89216/match-turkmenistan--kitaiskii-taibei-rassudit-brigada-iz-katara

2. Geçen dynç günleri Garagum sährasynda Milli bahar baýramy mynasybetli ralli-reýd boýunça ýaryş geçirildi. Türgenler umumy uzynlygy 143 kilometre barabar bolan çylşyrymly ýolda Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Awtoulag sport federasiýasyndan «Nissan Patrol» awtomobilinde ýaryşan Maksat Daňatarow Türkmenistanyň Kubogynyň ýeňijisi boldy.

https://turkmenportal.com/blog/89212/v-pustyne-karakumy-proshli-rallireidy-na-kubok-turkmenistana

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň