Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk haty geldi. "Türkmenistan" gazetinde çap edilen hatynda gazak Lideri türkmen halkynyň Milli Liderine ýüzlenmek bilen:
— BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Almatyda Merkezi Aziýa we Owganystan üçin Durnukly ösüş ulgamynda maksatlar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli gutlaglaryňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin.
Siziň şahsy ünsüňize we doganlyk Türkmenistanyň bu möhüm halkara başlangyjyny goldamagyna ýokary baha berýärin. Bu täze düzümiň hem-de BMG-niň Aşgabatdaky Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň sazlaşykly işiniň sebitimizde uzakmöhletli durnuklylygy we okgunly ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn — diýip nygtaýar.
Şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew:
— Gazak-türkmen dostluk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna berk ygrarlydygymyzy beýan edip, islendik amatly wagtda Türkistan şäherine sapar bilen gelmek baradaky çakylygymy tassyklaýaryn — diýip, hatynda ýazýar.
Gazak Lideri 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşjakdygyny ýene-de bir gezek tassyklap, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw edýär.