Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen diplomaty Pakistanyň federal nebit ministri bilen duşuşdy

15:4520.03.2025
0
24282

18-nji martda Pakistanyň Nebit we gaz ministrliginde Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen Pakistanyň federal nebit ministri Ali Perwez Maligiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ilçihananyň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda ilçi Ali Perwez Maligiň täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we onuň ýolbaşçylygynda Pakistanyň energiýa pudagynyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşykda taraplar energiýa pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şol sanda bilelikdäki taslamalary we özara bähbitli başlangyçlary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň ilçisi TOPH (Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan) halkara gaz geçirijiň Owganystanyň çägindäki böleginiň gurluşygynyň gidişi barada gürrüň berdi.

Taraplar energiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtap, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň