Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynda Irlandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Endrýu Kler (oturýan ýeri Moskwa ş.) bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Moskwadaky diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň wekilhanalarynyň öňünde durýan daşary syýasy meseleleri çözmekde özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Şeýle-de şu ýylda guralmagy meýilleşdirilýän çäreler we olara özara wekiliýetleriň gatnaşmagy bilen bagly meselelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan işlenip düzülen iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Bellenilişi ýaly, degişli meýilnama laýyklykda ýakyn wagtda birnäçe möhüm çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.