Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

20-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:0520.03.2025
0
18578

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň energetika ministrini kabul etdi, Türkmenistan Özbegistanda «MA+» formatyndaky sammitleriň geçirilmegini goldaýar, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogynyň saýlama oýunlaryna gatnaşýar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň Türkiýe bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Türkmen gazynyň Türkiýä we şol ýerden bolsa beýleki isleg bildirýän ýurtlara iberilmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi.

https://turkmenportal.com/blog/89118/serdar-berdymuhamedov-prinyal-ministra-energetiki-turcii-bairaktara

2. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda soňky ýyllaryň dowamynda däp bolan, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl Özbegistanda «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» hem-de «Merkezi Aziýa — Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» sammitleriniň, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegini Türkmenistanyň doly goldaýandygyny aýtdy.

https://turkmenportal.com/blog/89113/turkmenistan-podderzhivaet-provedenie-sammitov-v-uzbekistane

3. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar hem-de «BOTAŞ» kompaniýasynyň baş direktory Abdulwahid Fidan bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen tebigy gazyny Türkiýä we onuň üstünden Ýewropa ýurtlaryna eksport etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda türkmen tebigy gazy Eýranyň «SWAP» usuly arkaly ugradylýar. Şeýle hem türkmen tarapy Hazar deňziniň kenarynda gurulýan täze elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi bilen elektrik energiýasyny eksport etmek mümkinçiliginiň dörejekdigini mälim etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň energetika hyzmatdaşlygy boýunça türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge hem-de netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny aýtdy.

https://turkmenportal.com/blog/89117/gurbanguly-berdymuhamedov-obsudil-energeticheskoe-sotrudnichestvo-s-tureckoi-delegaciei

4. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Şweýsariýa Konfederasiýasynda saparda boldy. Saparyň dowamynda Şweýsariýanyň Federal Daşary işler departamentiniň Döwlet sekretariatynyň Ýewraziýa bölüminiň ýolbaşçysy Mýuriel Peneweýre bilen syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.

https://turkmenportal.com/blog/89101/turkmenistan-i-shveicariya-ukreplyayut-diplomaticheskie-i-ekonomicheskie-svyazi

5. Türkmenistanyň milli howa gatnawlary kompaniýasy Wýetnamyň bazary üçin gönükdirilen turkmenistanairlines.vn ady bilen täze web çeşmesini çykardy. Indi Wýetnamdan gelen ýolagçylar awiakompaniýanyň ähli halkara uçuşlaryna, şol sanda Aşgabadyň üstünden geçýän ugurlara biletleri öňünden sargyt edip bilerler.

https://turkmenportal.com/blog/89096/turkmenistan-airlines-zapustila-novyi-sait-dlya-passazhirov-vo-vetname

6. 15-nji martda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda pars şahyry Parwin Etesaminiň döredijiligine bagyşlanan dabara geçirildi. Dabara eýranly diplomatlar, Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkeziniň wekilleri hem-de TMDDI-niň pars dili hünäriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. 15-nji martda Eýranda özboluşly çeperçilik stili bilen pars poeziýasynda aýratyn orny eýelän şahyr zenan Parwin Etesaminini ýatlama güni bellenilýär.

https://turkmenportal.com/blog/89088/v-ashhabade-proshla-vstrecha-v-pamyat-ob-iranskoi-poetesse-parvin-etesami

7. Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana 12-nji dekabrda Türkmenistanda geçiriljek Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumyna gatnaşmak baradaky çakylyk gowşuryldy. Çakylyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan iberildi. Forum Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçiriler.

https://turkmenportal.com/blog/89111/turkmenistan-priglasil-pashinyana-na-mezhdunarodnyi-forum-mira-i-doveriya

Dünýäde

1. Ýaponiýanyň Wakaýama prefekturasynyň Arida şäherinde tutuşlygyna 3D çap enjamynda çap ediljek özboluşly demir ýol menzilini gurmak meýilleşdirilýär. Desganyň gurluşygy rekord derejede gysga wagt – bary-ýogy alty sagat dowam eder. Ykjam menziliň beýikligi 2,6 metr, ini 6,3 metr bolar.

https://turkmenportal.com/blog/89082/v-yaponii-planiruyut-vozvesti-za-shest-chasov-vokzal-napechatannyi-na-3dprintere

2. Italiýanyň gündelik «Il Foglio» gazetiniň redaksiýasy emeli aňyň kömegi bilen döredilen dünýädäki ilkinji gazeti çykardylar. Synag emeli aň tehnologiýalarynyň häzirki zaman žurnalistikasyna we metbugat pudagyna edýän täsiri baradaky gözlegiň çäklerinde geçirilýär. «Il Foglio» gazetiniň baş redaktorynyň bellemegine görä, emeli aň diňe bir ähli tekstleri taýýarlamak bilen çäklenmän, eýsem, sözbaşylary kesgitledi, sitatalary döretdi, makalalaryň gysgaça mazmunyny taýýarlady. Redaktor emeli aňyň öz tekstlerinde hatda ýaňsylama ulanmak ukybyny görkezendigini hem aýtdy. Bu synagda žurnalistler az orun aldylar, olar emeli aň üçin soraglar düzmek we alnan jogaplary seljermek bilen çäklendiler.

https://turkmenportal.com/blog/89079/v-italii-predstavlena-pervaya-v-mire-gazeta-polnostyu-sgenerirovannaya-ii

Sport täzelikleri

1. Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama ýaryşyny Hytaýyň Taýbeýine garşy oýun bilen başlar. Duşuşyk 25-nji martda Gaosýunda geçiriler we ol Aşgabat wagty bilen 15:30 başlanar. Bije çekişligiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy «D» toparça düşdi, bu ýerde onuň bäsdeşleri Taýland we Şri-Lankanyň ýygyndylary hem bolar. Saýlama oýunlaryň çäklerinde Mergen Orazowyň topary alty oýny geçirer: 2025-nji ýylda bäş we 2026-njy ýylyň martynda bir oýun. Alty saýlama toparçanyň ýeňijileri Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa-2027 Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýollanma alarlar.

https://turkmenportal.com/blog/89126/turkmenistan-startuet-v-otbore-kubka-azii2027-matchem-protiv-kitaiskogo-taibeya

2. Türkmenistanyň agyr atletikaçylary 30-njy aprelden 5-nji maý aralygynda ýaşlaryň arasynda Limada (Peru) geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş ederler. Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) saýtynda çap edilen deslapky berlen düzümiň sanawyna türkmen türgenleriniň 15-si girdi – olaryň hatarynda 7 oglan, 8 gyz bar.

https://turkmenportal.com/blog/89128/turkmenskie-tyazheloatlety-vystupyat-na-chempionate-mira-sredi-molodezhi-v-lime

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň