Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar adamzadyň nämüçin «kütekleşýändigini» düşündirdiler

09:1120.03.2025
0
14866
Alymlar adamzadyň nämüçin «kütekleşýändigini» düşündirdiler
Surat: Gazeta.ru

Adamlar barha tiz kütekleşýärler, bu ýagdaý özem koronawirus ýokanjyndan has öň – 2010-njy ýylda başlandy. Bu barada PISA (Programme for International Student Assessment) atly halkara test synaglaryň jemlerine salgylanýan ylmy barlaglaryň netijesinde aýdylýar. Üns we analitiki pikirlenme bilen bagly kynçylyklar diňe bir ýetginjeklerde däl, uly ýaşly adamlarda hem duşýar diýip, «The Financial Times» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.

Hünärmenler ösen ýurtlarda uly ýaşlylaryň 25 göteriminiň hatda sada matematiki meseleleri hem çözüp bilmeýändigini aýdýarlar, ABŞ-da bolsa bu görkeziji 35 göterime ýetdi. Alymlar munuň sebäbini jemgyýetiň barha ösýän sanly tehnologiýalara we adamyň habary pursatlaýyn, gysga parçalardyr täsirli obrazlar arkaly kabul etmeginden döreýän geldi-geçer pikirlenmä garaşlylyk bilen baglaýarlar. 2015-nji ýyldan bäri ýaşlarda ünsi jemlemek bilen bagly kynçylyklar hasaba alynýar. Ýaşlar işjeň çuňňur pikirlenmäni sosial torlardaky lentalara tomaşa etmek bilen çalyşýarlar.

Sowatlylyk we hasap bilen bagly meseleler ýokary girdejili ýurtlarda köp hasaba alyndy. Munuň sebäbi smartfonlar, tiz internet we sosial torlar bilen baglanyşyklydyr. Galyberse-de, sosial media serişdelerinden we beýleki çeşmelerden habarlaryň gereginden kän alynmagy yzygiderli ýadawlyga getirýär, bu bolsa, öz nobatynda, ýaşlaryň akyl ukyplaryny ýaramazlaşdyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň