Top.Mail.Ru

Ermenistanyň Premýer-ministri Aşgabada sapar bilen çagyryldy

22:3419.03.2025
0
10967
Ermenistanyň Premýer-ministri Aşgabada sapar bilen çagyryldy
Surat: Türkmenistanyň Ermenistan İlçihanasy

Şu gün Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň diwanynyň ýolbaşçysy Araik Arutýunýan bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Ýerewandaky diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň başynda ilçi A.Arutýunýana türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana ýollanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumyna gatnaşmak baradaky çakylygy gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar. Şeýle-de bu ugurlarda özara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Şonuň bilen birlikde, möhüm şanly wakalaryň – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň utgaşyp gelmeginiň 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygy bellenildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerinden peýdalanyp iki ýurduň arasyndaky söwdany ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň