Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň merkezinde geçirilen Nowruz baýramçylygynyň dabarasyna gatnaşdy

15:3619.03.2025
0
15731

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Nowruzyň baýramçylyk dabarasy bolup geçdi, bu ýerde Türkmenistan halkara çäräni guraýjylaryň biri hökmünde çykyş etdi. Köpmilletli hödürnama hökmünde Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen bu baýramçylyk on iki ýurduň wekillerini bir ýere jemledi – diýip, AZERTAC agentligi habar berýär.

Baýramçylyk çäresi ÝUNESKO-nyň hemişelik wekiliýetleriniň: Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Yragyň, Hindistanyň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Türkiýäniň bilelikdäki tagallalary bilen gurnaldy.

Baýramçylyk dabarasyny guramaçylyk komitetiniň başlygy, Gyrgyzystanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi Sadyk Şer-Niýaz gutlag sözi bilen açdy. Ol öz çykyşynda Nowruzyň ruhy ähmiýetini, parahatçylygyň we raýdaşlygyň ählumumy gymmatlyklaryny, şeýle hem bu baýramçylygyň milli özboluşlylygyň nyşany hökmünde nesilden-nesle geçýän ähmiýetine ünsi çekdi.

ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň orunbasary Sin Sýuý 2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen we köp ýurtlaryň halklaryny birleşdirýän Nowruzyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi.

Bu çärä gatnaşan ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azule baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylary baýramçylyk bilen gutlady we Nowruzyň täzelenmegi, geljege umydy we tebigatyň oýanmagyny alamatlandyrýandygyny aýtdy. Ol çykyşyndan soň türkmenleriň milli tagamlary goýlan baýramçylyk desterhany bilen tanyşdy.

Çäräniň medeni maksatnamasynda ýer eýeleriniň milli aýdym-saz we tans çykyşlary görkezildi we uly ekranlarda her ýurduň Nowruz baýramynda ýerine ýetirýän toý däpleridir dessurlary, şol sanda Türkmenistanda Nowruzy — Milli bahar baýramynyň bellenilişiniň baý däpleri baradaky wideofilmler görkezildi.

Dabaraly çäre baýramçylyk agşamlyk nahary bilen tamamlandy, onda çäre gelen myhmanlar baýramçylygy guran on iki ýurduň milli tagamlaryny dadyp, uly lezzet aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň