Italiýanyň gündelik çap edilýän «Il Foglio» gazeti özüniň emeli aň tarapyndan taýýarlanan ilkinji sanyny çap etdi. Bu emeli aň tehnologiýasynyň häzirki zaman habar beriş serişdelerine we žurnalistleriň işine nä derejede täsir edýändigini görkezmek maksady bilen geçirildi. Dört sahypalyk san gazetiň kiosklerde satylýan we onlaýn esasy sanyna goşmaça hökmünde çap edildi diýip, «MIR 24» ýazýar.
«Bu dünýäde gazet kiosklerinde elýeterli bolan we tutuşlygyna emeli aň tarapyndan taýýarlanan dünýädäki ilkinji gündelik neşir» diýip, «Il Foglio» gazetiniň baş redaktory Kladuio Çeraza aýtdy. Ol emeli aňyň diňe teksti ýazman, sözbaşylary döredendigini, sitatalary saýlandygyny habar berdi. Žurnalistleriň bu synagdaky borjy emeli aňa sowal bermek hem-de jogaplary okamakdan ybarat boldy diýip, «The Guardian» gazeti habar berýär.
Gazetdäki ähli makalalar sada dilde we ýalňyşsyz diýen ýaly ýazylandyr. Olaryň hiç biri-de adamlaryň aýdan sözlerini mysal getirmeýär.
Neýroulgam tarapyndan döredilen gazet sanynda häzirki günüň syýasy, sosial wakalary barada hem makalalar ýerleşdirilipdir.