Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygy rus parlamentarilerini Türkmenistanda geçiriljek halkara maslahata çagyrdy

08:4919.03.2025
0
13538

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, Walentina Matwiýenkonyň döwlet, syýasy we jemgyýetçilik işi köp babatda eneligi we çagalygy, saglygy goramak, çagalara bilim bermek meseleleri bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadag türkmen tarapynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň çagalar bilen bagly meseleleri çözmäge gönükdirilen giň möçberli, uzak möhletli strategiýalary hem-de maksatnamalary taýýarlamak, kabul etmek we durmuşa geçirmek boýunça başlangyçlaryna uly hormat bilen garaýandygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, çaganyň beden we aň taýdan sazlaşykly ösmegi, olara lukmançylyk, durmuş we beýleki kömegi bermek, ýaş türkmenistanlylary goldamak üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny kanagatlanma bilen aýtdy. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň bähbidine halkara işini ösdürmek” atly maslahat geçiriler. Gahryman Arkadag Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli wekiliýetini bu foruma gatnaşmaga çagyryp, munuň parahatçylygyň belent ýörelgelerini hem-de hoşniýetlilik we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny ilerletmekde saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, russiýaly parlamentarileriň şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere, ilkinji nobatda, çagalaryň bähbidine halkara işine bagyşlanan maslahata gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Bu barada TDH habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň