Italiýanyň häkimiýetleri Neapol şäheriniň Flegreý meýdanlary diýlen sebitinde ýanardaglaryň şübheli işjeňliginiň peýda bolmagy bilen bagly ýaşaýjylary göçürmäge taýýarlanýar. Bu sebit dünýäde iň howply ýanardaglary bilen meşhurdyr diýip, «024.by» ýazýar.
Ýagny bu ýerde öňräk güýji 4,4 bal bolan ýerasty sarsgynlarda seýsmiki tolkunlaryň ýygylygy hasaba alyndy. Bu ýagdaý ýerli ýaşaýjylarda howsala döretdi hem-de ýagdaý ýaramazlaşan halatynda ýurduň Hökümetini maksatnama taýýarlamaga mejbur etdi.
Ýanardaglar şäheriň merkezinden 15 km-likde ýerleşip, Neapola howp salýarlar. Şonuň üçin 500 müňlük ilaty howpsuz ýere göçürmek meýilleşdirilýär. Adamlar ähli elýeterli bolan usullar: howa, deňiz we gury ýer ýollary arkaly göçüriler. Olary wagtlaýyn ýerleşdirmek üçin ýörite ýerler göz öňünde tutulýar.
Hünärmenleriň baha bermegine görä, Flegreý meýdanlary köpden bäri ynjalyksyzlanma döredýär, sebäbi geljekde bu ýerdäki «ukudaky» ýanardaglaryň oýanmak howpy bar. Soňky gezek bu ýagdaý XVI asyrda boldy diýlip, habarda bellenýär.