Top.Mail.Ru

«Dejavu» restorany gündizki dabaralary geçirmek üçin ýörite şertleri hödürleýär

14:0318.03.2025
0
14141

«Dejavu» restorany gündizki dabaralary geçirmek üçin ýörite teklip hödürleýär. Myhmanlar indi Hudaýýoly we sadaka ýaly milli dabaralary restoranda rahat gurşawda elýeterli bahalardan geçirip bilerler.

Restoranyň ýolbaşçylarynyň bellemeklerine görä, müşderiler üçin adam başyna 100, 120 we 140 manatdan başlaýan dürli baha kategoriýalary bolan menýu taýýarlandy. Her menýuda üç sany milli naharlar bar, ähli gyzgyn tagamlar açyk otda bişirilýär, bu bolsa olara aýratyn tagam berýär.

Ýörite teklibiň çäklerindäki çäreler gündizine – sagat 12:00-dan 16:00-a çenli aralykda geçirilýär. Myhmanlara ýakymly sowgat hökmünde DJ-den mugt aýdym-sazlar hödürlenýär.

«Dejavu» restorany bu ajaýyp teklipden peýdalanyp, maşgalaňyz we dostlaryňyz bilen ýatdan çykmajak dabaralary geçirmäge çagyrýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Aşgabat, 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy;
  • telefonlar: (+993 71) 12 22 21, (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň