Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý 13 ýyl bäri Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşy bolmagynda galýar

12:3318.03.2025
0
14678

Hytaýyň Halkara söwdany ösdürmäge ýardam etmek baradaky komitetiniň (CCPIT) başlygynyň orunbasary Ýuý Szýanlun Hytaýyň 13-nji ýyl bäri Türkmenistanyň iň iri söwda hyzmatdaşy hökmünde öz ornuny saklap gelýändigini, ikitaraplaýyn söwda mukdarynyň 2024-nji ýylda 10,65 milliard dollara ýetendigini beýan etdi. Ol muny hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça Aşgabatda geçirilýän halkara forumda (IFT 2025) eden çykyşynda nygtap geçdi.

Ýuý Szýanlun öz çykyşynda iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlykda, esasanam Hytaýyň «Guşak we ýol» başlangyjy bilen Türkmenistanyň Beýik ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky başlangyjy bilen sinhronlaşdyrylandan soň gazanylan möhüm üstünliklere ünsi çekdi. Hytaý-Merkezi Aziýa gaz geçirijisi arkaly iberilýän türkmen tebigy gazynyň Hytaýyň müňlerçe maşgalasyny üpjün edýändigini, Hytaýyň sarp ediş harytlaryna, awtoulaglaryna we beýleki önümlerine türkmen alyjylarynyň isleginiň ýokarydygyny belläp geçdi.

2024-nji ýylyň ahyryna çenli ýagdaýa görä Hytaýyň Türkmenistana ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna goýýan göni maýa goýumlarynyň möçberi 260 million dollar boldy. Iki ýurduň kompaniýalary infrastruktura, energiýa we logistika ýaly ugurlar boýunça birnäçe taslamany üstünlikli durmuşa geçirdiler.

CCPIT-niň wekili Türkmenistanyň Hytaýa turba geçiriji arkaly gaz ibermek boýunça iň iri üpjün ediji bolup durýandygyny, ýöne ikitaraplaýyn söwdany diwersifikasiýa etmek üçin möhüm mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Ol Türkmenistandan üzüm, gawun we kädi ýaly ýokary hilli oba hojalyk önümleri, şeýle hem deri önümleri, el işleriniň önümleri we egin-eşikler ýaly gündelik ulanylýan ýokary hilli önümler hem harytlar boýunça söwdany has-da giňeltmegi teklip etdi.

Forumyň işine gatnaşmak üçin paýtagtymyza Hytaýyň ondan gowrak kärhanalarynyň wekiliýetleri geldi, olaryň hatarynda esasan energiýa, söwda, oba hojalygy, binagärlik, logistika we maşyn gurluşygy ýaly pudaklarda dürli taslamalary durmuşa geçirýän CNOOC Limited we Huahe International ýaly iri kompaniýalar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň