Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» Aşgabat bilen Stambulyň arasyndaky yzygiderli uçuşlar barada ýatladýar

12:3318.03.2025
0
15681

«Turkish Airlines» öz ýolagçylaryna Aşgabat — Stambul — Aşgabat gatnaw ugry boýunça hepdede 11 uçuşdan peýdalanmak mümkinçiligi barada habar berýär. Munuň özi iki şäheriň arasynda amatly howa aragatnaşygyny üpjün edýär.

Türk milli awiakompaniýasynyň hyzmatlaryny saýlap alýan syýahatçylar ýokary derejede rahatlykly şertleri üpjün edýän uçuşlardan lezzet alyp bilerler. Ýolagçylara uçarda filmleri we aýdym-sazlary görmäge mümkinçilik berýän güýmenje programmasy ýetirilýär. Awiakompaniýanyň hünärmenleri bolsa syýahatyň ýatdan çykmajak täsirlere beslenmegi üçin ähli tagallalaryny edýärler.

2025-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli awiakompaniýa bu ugur boýunça ýörite nyrhnamalary hödürleýär. Awiapetekleriň bahasy — ekonom-klass derejesinde Aşgabatdan iki tarapyna uçmak üçin 499 ABŞ dollaryndan, Stambuldan iki tarapyna uçmak üçin bolsa 718 ABŞ dollaryndan başlanýar.

Birtaraplaýyn uçuşy meýilleşdirýänler üçin Aşgabatdan Stambula uçmak üçin awiapetegiň bahasy 302 ABŞ dollaryndan, Stambuldan Aşgabada uçmak üçin bolsa — 388 ABŞ dollaryndan başlanýar. Has rahat şertde uçmagy isleýän ýolagçylar üçin iki tarapyna biznes-klass derejeli uçuşyň awiapetekleri 1250 ABŞ dollaryndan başlanýar.

Goşmaça maglumat almak we awiapetekleriň satyn almak üçin «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň şu salgyda ýerleşýän Aşgabatdaky satuw ofisine ýüz tutup bilersiňiz: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy.

Awiakompaniýanyň wekilleri bilen askabatbiletsatis@thy.com elektron poçta salgysy we (+993 61) 01 44 33 telefon belgisi arkaly, şeýle hem turkishairlines.com resmi web saýtyna girip habarlaşyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň