Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«PepsiCo» kompaniýasy «Poppi» brendini satyn almakçy

11:2318.03.2025
0
12233
«PepsiCo» kompaniýasy «Poppi» brendini satyn almakçy
Surat: Reccessary.com

Dünýäde alkogolsyz içgileri öndürýän ikinji iri kompaniýa bolan «PepsiCo Inc.» bazarda barha meşhurlyk gazanýan «Poppi» brendini 1,95 mlrd dollara satyn almakçy. Bu barada kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirilen habara salgylanýan «INTERFAX.RU» ýazýar.

«PepsiCo» amerikan kompaniýasy bu geleşigi baglaşmak bilen, 300 mln dollar möçberde salgyt ýeňilliklerini almaga bil baglaýar, netijede, söwdalaşygyň sap bahasy 1,65 mlrd dollara deň bolar.

«Poppi» – bu düzüminde şeker az bolan az kaloriýaly gazly suwlary öndürýän meşhur brenddir, ol häzir okgunly ösüşi başdan geçirýär. Kompaniýanyň içgileriniň düzüminde prebiotikler, müwe şerbeti we alma sirkesi bar. Ol sagdyn durmuş ýörelgesine ymtylýan sarp edijiler üçin niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň