Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ilon Maskyň ogly bilen Trampyň fotosuraty internetde meşhur boldy

16:2017.03.2025
0
20516
Ilon Maskyň ogly bilen Trampyň fotosuraty internetde meşhur boldy
Surat: Caliber.az

Dünýäniň iň baý adamy Ilon Maskyň X Æ A-Xii atly dört ýaşly oglunyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen düşen suraty internet torunda giň seslenme döretdi.

Geçen annada torda ýerleşdirilen suratda X Æ A-Xii we Prezident Tramp Ak tamyň Günorta çemenzarlygynda «Marine One» dikuçaryna tarap barýarlar. Internet ulanyjylar bu surata parhsyz galyp bilmediler we ol barada pikirini paýlaşdylar diýip, «Men's Journal» neşirine salgylanýan «caliber.az» gürrüň berýär.

Fotosuratdan oglanjygyň kakasy işewür Ilon Mask hem sowlup geçip bilmedi, ol surat barada aşyklygy aňladýan emodzi ýerleşdirip: «Bu bagtly fotosurat» diýip ýazdy.

«Tesla Owners Silicon Valley» akkauntynda ýerleşdirilen fotosurata 14 sagatda 54 milliondan gowrak adam seretdi.

X Æ A-Xii öň kakasy bilen Ak tamda birnäçe gezek bolupdy. Mask Trampyň uly geňeşçisidir. Emma ejesi Graýms dört ýaşly ogluna şeýle dykgatly jemgyýetçilik ünsüni oňlamaýar diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň