Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) 17 ýyllygyna bagyşlanan serginiň çäklerinde «Ak Gaýa» kompaniýasy hususy önümçiligine degişli lak we boýag serişdelerini, şeýle hem boýag üçin esbaplaryny görkezdi. Kompaniýanyň diwarlygynda myhmanlar gurluşykçylar we hususy sarp edijiler üçin niýetlenen önümleriň köp sanly görnüşleri bilen tanşyp bilerler.
«Ak Gaýa» kompaniýasy «Kent», «Leon» we «Kontinental» ýaly meşhur brendler bilen lak we boýag serişdelerini öndürýär. Bu brendleriň her biri dürli üstler we ulanyş şertleri üçin döredilen önümleriň giň toplumyny öz içine alýar.
Hödürlenýän önümleriň hatarynda jaýlaryň içki diwarlary üçin boýaglar, fasad örtükleri, potoloklar üçin boýaglar, suw-dispersiýa suwaglary, timarlama işleri üçin faktura garyndylary, beton üstler üçin ýörite boýaglar, poslama garşy sintetiki serişdeler bar.
«Ak Gaýanyň» önümlerini görkezýän sergisi 19-njy marta çenli dowam eder. Sergä gatnaşyjylara kompaniýanyň täze önümleri bilen tanyşmak, hünärmenlerden maslahat almak we hödürlenilýän serişdeleriň hiline baha bermek üçin ajaýyp mümkinçilik döredildi.
Mundan başga-da, «Ak Gaýanyň» aşakdaky salgyda ýerleşýän söwda dükanyna baryp, kompaniýanyň ähli önümleri bilen tanyşyp bilersiňiz: Aşgabat, G.Kuliýew köç. (Obýezdnaýa), 40-njy jaý, «Ak Gaýa» binasy.
Goşmaça maglumat we maslahat almak üçin aşakdaky aragatnaşyk maglumatlary arkaly kompaniýanyň wekilleri bilen habarlaşyp bilersiňiz:
- telefonlar: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88;
- sosial ulgamdaky sahypasy.