Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň talyplarynyň arasynda rus dilinde esse ýazmak boýunça bäsleşik yglan edildi

10:3115.03.2025
0
27584

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda rus dilinde «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen esse ýazmak boýunça bäsleşik yglan edildi.

Bäsleşigi guraýjylar bolup Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň redaksiýasy çykyş edýär.

Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ugurlaryna garamazdan ähli gyzyklanma bildiren talyplar gatnaşyp bilerler.

Her gatnaşyjy bäsleşige ozal çap edilmedik bir esse ibermäge rugsat berilýär. Eseriň ahyrynda awtor barada doly maglumatlar (ady, familiýasy, okaýan ýokary okuw mekdebi, hünäri, okuw ýyly, telefon belgisi) berilmelidir – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Bäsleşige gatnaşýan işler aşakdaky kriteriýalara laýyklykda bahalandyrylar: mazmunyň aýdyňlygy, maglumatlaryň takyk we yzygiderli görkezilmegi, mowzuga degişliligi, grammatiki we stilistik taýdan dürsligi, rus diliniň çeper aňlatma serişdelerini täsirli, dogry we ýerlikli ulanmak ukyby, pikirleri, oýlanmalary we şahsy pikirlerini beýan etmek ukyby.

Esse «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» mowzugy boýunça esse bäsleşigi» diýen bellik bilen «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň (mailto:neytralnyturkmenistan-gazeti@sanly.tm) ýa-da Magtymguly adyndaky TDU-nyň (mailto:turkmenuniversitetitdu@gmail.com) elektron poçta salgylaryna iberilmelidir.

Işler 17-nji martdan 30-njy noýabra çenli kabul edilýär.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Gran Pri baýragynyň ýeňijisi emin agzalarynyň kararynyň esasynda kesgitlener, iň oňat esseniň awtorlary hem 1-nji, 2-nji we 3-nji ýerlere eýe bolarlar;

Bäsleşigiň netijeleri 2025-nji ýylyň dekabrynda Magtymguly adyndaky TDU-nyň resmi saýtynda yglan ediler.

Habarlaşmak üçin telefon: (+99312) 38-61-18.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň