Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Katmer» köpdürli tagamly agzaçar menýusyny hödürleýär

10:5113.03.2025
0
6606

«Katmer» kafesi müşderilerine dürli tagamlary özünde jemleýän ýörite agzaçar menýusynyň bardygyny ýatladýar.

Bu ýere gelýänler adam başyna 200 manatdan ýetirilýän menýuny almak bilen, dürli salatlardan, hoşboý ysly çorbalardan, gyzgyn naharlardan, adaty türk desertlerinden hem-de islendik görnüşli şähdiňi açyjy içgilerden lezzet alyp bilerler.

«Katmer» kafesi maşgalasynyň we dostlarynyň gurşawynda agyz açmak isleýänlere rahat we mylaýym atmosferany döredýär.

Myhmanlara oňaýly bolar ýaly, kafe stollary öňünden bronlamak mümkinçiligini hödürleýär. Bu amatly ýerleşmek we adam köp wagtyna gabat gelip garaşmazlyk üçin gowudyr.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Ankara köçesi, 19-njy jaý (ozalky Ýubileýnaýa);
  • telefon belgisi: (+993 63) 24 99 44;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň