Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ÝB-niň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissaryny kabul etdi

23:3412.03.2025
0
9815
 Türkmenistanyň Prezidenti ÝB-niň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissaryny kabul etdi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşykda myhman Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga Ýewropa Bileleşiginde ýokary baha berilýändigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, onuň Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň dowamynda ýokary derejeli duşuşyklary geçirjekdigini hem-de sebitde uly portlaryň biri bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp görjekdigini aýtdy we bu saparyň Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmaga, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda häzirki wagtda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi, soňky ýyllarda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň has hem işjeňleşdirilýändigi barada aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ylym-bilim, ekologiýa, energetika ulgamlarynda we ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek babatda hem ÝB bilen birnäçe taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi nukdaýnazaryndan ulag-üstaşyr geçelgelerini kämilleşdirmek strategik ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgeleriniň işjeň ösdürilýändigi nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ugurda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň aýratyn ähmiýetini belläp, onuň uly möçberli ýük akymlarynyň ýoluny we wagtyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýändigini, şeýle hem Gara deňziniň kenarlaryna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş ummany ýurtlaryna çykmak üçin amatly şertleri döredýändigini aýtdy we bu portuň Ýewraziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň