Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň bank edaralarynda ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglary geçiriler

10:2601.03.2025
0
16999
Türkmenistanyň bank edaralarynda ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglary geçiriler
Surat: Türkmen Telekom

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmegi kämilleşdirmegiň, bu işi bellenen halkara standartlar esasynda guramagyň möhümdigini belledi. TDH-niň habar berşi ýaly, döwlet Baştutany bu barada 28-nji fewralda geçiren Hökümet mejlisinde aýtdy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda Kararyna laýyklykda, ýurduň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna halkara standartlar esasynda audit barlaglaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň