Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn Çaýhana»: dabaralar üçin giňişlik, rahatlyk we ajaýyp hyzmat

15:5028.02.2025
0
23959

Durmuş toýlaryny, doglan günleri, işewürlik çäresini ýa-da beýleki dabarlary geçirmek üçin ajaýyp ýer gözleýärsiňizmi? «Altyn Çaýhana» restorany 200 adamlyk giň banket zalyny we 40 myhmana niýetlenen rahat VIP zalyny hödürleýär.

Owadan interýer, ýokary derejeli hyzmat we özboluşly tagamlara baý menýu dabaraňyzy hakykatdanam aýratyn waka öwrer.

«Altyn Çaýhana» restoranynyň hünärmenler topary dabaraňyzy guramak bilen baglanyşykly ähli aladalary öz üstlerine alarlar. Tejribeli dolandyryjylar myhmanlaryňyzyň ýerleşişini meýilleşdirmäge, aýratyn menýu düzmäge we geçiriljek çäräniň ähli jikme-jikliklerini göz öňünde tutmaga kömek ederler. Her tagam iň täze önümlerden taýýarlanýar, ünsli işgärler bolsa çäräniň dowamynda ajaýyp hyzmaty üpjün ederler. Şeýle hem restoranda myhmanlar üçin amatly awtoulag duralgasy we ýylyň islendik wagtynda rahat gurşawy kepillendirýän döwrebap kondisioner ulgamy göz öňünde tutulandyr.

«Altyn Çaýhana» restorany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Gurbansoltan eje köç., 168 (demir ýol menziliniň ýanyndaky awtobus duralgasy).

Telefonlar: (+993 12) 94 11 61, (+993 12) 94 11 71, (+993 65) 72 37 46, (+993 65) 72 35 47, (+993 65) 65 53 10. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň