2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Durmuş goragy boýunça milli agentligiň direktory Mansurbek Olloýorow bilen Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapowyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar durmuş goraglylygynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada «Uzdaily» habar berdi.
Özbek tarapy ilatyň durmuş taýdan ýardama mätäç gatlaklaryny goldamak boýunça durmuşa geçirilýän başlangyçlar, gazanylan netijeler we geljekki meýilnamalar barada maglumat berdi. Hususan-da, durmuş ulgamyny sanlylaşdyrmak, bu ugurda degişli kömegiň netijeliligini ýokarlandyrmak we durmuş hyzmatlary ulgamyny ösdürmek bilen bagly meseleler aýratyn üns merkezinde boldy.
Geçirilen gepleşikleriň netijesinde ilaty goldamak mehanizmlerini kämilleşdirmek, maýyplary dikeldiş ulgamynda tejribe alyşmak hem-de durmuş ulgamyna häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça bilelikde işlemek barada ylalaşyk gazanyldy. Agentligiň direktory Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrini Özbegistana sapar bilen gelip, durmuşa geçirilýän taslamalar bilen tanyşmaga we gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi boýunça gepleşikleri dowam etdirmäge çagyrdy.