Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil» konditer dükanlary Remezan aýy mynasybetli baýramçylyk arzanladyşyny hödürleýär

11:3827.02.2025
0
21061

«Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň tory mukaddes Remezan aýynyň gelmegi mynasybetli ýörite arzanladyş yglan etdi. 1-nji mart güni müşderiler 200 manatlyk ýa-da şondan köp möçberde söwda etseler, 10 % arzanladyş alyp bilerler.

«Zyýat Hiliň» menýusynda dürli görnüşli tortlar, piroglar, kökeler, Gündogar süýjülikleri we başga-da köp sanly şu hili önümler hödürlenilýär. Baýramçylyk bezegine aýratyn üns berilýär, şonuň üçinem her bir önüm diňe bir süýji tagamly bolman, eýsem ajaýyp sowgat hem bolýar.

Şeýle hem dükanlar tory 150 manatlyk we şondan köp möçberde sargyt eden müşderilere Aşgabat şäheriniň we Gökdepe etrabynyň çägine mugt eltip bermek hyzmatynyň bardygyny ýatladýar.

Habarlaşmak üçin:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş jaý toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 hem-de (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş jaý toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň