Ikitaraplaýyn öýken çişmäni başdan geçiren Rim Papasy Fransiskiň haly erbet, emma durnukly bolmagynda galýar. Bu barada Keramatly tagtyň metbugat gullugyna salgylanýan TASS ýazýar.
Habarda Papanyň soňky günlerde keseliniň tutgaýynyň hasaba alynmandygy, ganyň düzüminiň durnuklydygy, emma çaklama aýtmakdan saklanylýandygy bellenýär.
Fransisk iş bilen meşgullanmaga girişdi, ol Watikanyň döwlet sekretary kardinal Pýetro Parolinini iş meseleleri boýunça kabul etdi.
88 ýaşly Fransisk 14-nji fewraldan bäri Agostino Jemelli hassahanasynda öýken sökelliginden bejergi alýar.
Watikandaky Keramatly Pýotruň meýdançasynda Papanyň sagalmagy dileg edilip, doga okalýar. Bütin dünýäniň katolikleri baş ruhanylarynyň tizräk sagalmagyny dileg edýärler. Şeýle-de Watikana beýleki dinleriň wekillerinden hem hatlar gelip gowuşýar.